"Şatlanyň, kämilleşiň, köşeşiň, bir
pikirde we agzybirlikde boluň,
şonda asudalygyň we söýgüniň
Hudaýy siz bilen bolar” (2 Kor.ХIII, 1).
Gadyrly doganlar we uýalar, bu beýik Pasha güni, men sizi baky keramatly sözler bilen gutlaýaryn:
Messih Direldi!
Adamzadyň ýitip-dagap barýanlygyna göz ýetirip, Hudaý öz gudraty bilen adamlaryň durmuşyna girdi. Her zaman taryha ýüzleneňde, bu dini aýdymlaryň sözleri biziň aňymyza gelýär. Azat we şadyýan durmuş üçin döredilen adam, günälerini edenden soň, günäniň we ölümiň guly bolup galdy. Adamzadyň durmuşy döränden bäri gaýgy-hasrat, dönüklik, ýalňyzlyk, ýitgilik we keselçilik bilen örtüldi. Adamzadyň durmuşy hakykatdanam gözden ýitip barýardy.
Emma Alla Tagalla bu dünýäni şeýle ýiti söýensoň, öz ýeke täk Oglyny bize bagyşlady. Allanyň bu Ogluna her bir adam ýüregini berip ynansa, ölümden halas bolar we baky durmuşa eýe bolar. Hudaýyň bu durmuşa geleniniň maksadyny, bir ýolbaşçynyň ýa-da basyp alyjynyň maksadyna asla meňzedip bolmaz, ýagny bularyň maksady adam saýlamakdan, diňe öz isleglerini ýöretmekden ybaratdyr. Hudaý sada adam görnüşinde biziň durmuşymyza geldi we adamzadyň bu aýylganç ykbalyny düýbünden üýtgetdi.
Roždestwodan Pasha aralykdaky ýol Golgofyň üsti bilen geçýär. Ol ýol Täze Wesýeti Hudaýyň ejirleri we ölümi başdan geçirmeginiň üsti bilen döretdi. Eger-de Hudaý ölümden direlmedik bolan bolsa, biziň bar aýdýan sözlerimiz biderek, netijesiz bolardy. Emma Hristos ölümden direldi. Ölüm adamyň başyna gelişi ýaly, ölümden direlmek bagt adama sowgat berildi. How Atadan soň, adam ölüme ýol açdy, Hristos bolsa ol zalym ýoly ýapdy.
Biziň her-birimiz, esasandam bu gün, öz ýolumyzy özümizçe saýlap bilýändiris. Biz bu ölüm ýoluny dowam edibem biýäris, islesekde Hristosyň halas edýän ýolyny hem saýlap bilýäris – ýagny Ýewangeliýada beýan edilişi ýaly: “Apostallaryň görkezýän ýoluny tutmaly, “Priçastiýe” däbini ýöretmeli we hemişe Hudaýdan dileg etmeli” (Deý.II,42).
Hristos üçin çydamsyz jebre döz gelenler we toba edijiler diňe şol ýoly saýlap tutdylar. Olar Hristosyň ýoly bilen ýöräp, baky durmuşa eýe boldylar. Hudaýyň wesýetlerini (nesihatlaryny) ýöredip, özlerinde Hudaýyň keşbini we kybabyny sakladylar – ýagny bu biziň esasy prinsipimizdir. Adamyň hakyky keşbi – aňymyzda galan Hudaýyň keşbidir.
“Adam ýeke bolmaly däldir” diýen Hudaýyň sözlerine görä, biz bu Pasha begenjimizi başgalarada düşindirip bilmelidiris. Olara biz bu “ynamy” sözümiz bilen dälde, eýsem olara bolan gatnaşygymyzyň, Direlen Hristosyň tagallasy üçin edýän hereketlerimiziň we durmuşda edýän ädimlerimiziň üsti bilen berjek bolmaly. Biziň söýgi başarjaňlygymyz, adamlara we Watanymyza bolan gatnaşygymyz köp adamlara görelde bolup durýar.
Meniň size etjek alkyşym: belki Hristosyň Pasha ýoly siziň hem durmusyňyzyň ýoly bolaýatda. Bu ýola berk ýapyşmagyňyzy, sagdyn ynanmagyňyzy, biri biriňizi ýürekden gowy görmegiňizi, geçirimlik edip durmagyňyzy, öz medeniýetiňizi we diliňizi saklamagyňyzy size arzuw edýärin.
Meniň ezizlerim, şu gün meniň iň esasy aýtjak sözüm: hiç haçan ýüregiňizde gorky saklamaň, hemişe şadyýan boluň, çünki
hakykatdanam Messih Direldi !
Direlen Hristosyň hatyrasyna meniň size bolan söýgim bilen
Rus Prawoslaw Buthanasynyň Türkmenistandaky Patriarhatynyň wagtlaýyn dolandyryjysy, Pýatigorskiniň we Çerkeskiniň Arhiýepiskopy Feofilakt
Hristosyň Pashasy, 7/20 Aprel, 2014 ý.