Gadyrly arhipastyrlar, hormatlanýan atalar, ăhli ugurlar boýunça dogruçyl dindarlar, eziz doganlar we uýalar!
Bu mukaddes gijede, siziň ähliňize, ýagny, Bitewi Rus Prawoslaw Buthanasyny emele getirýän dürli ýurtrlaryň, şäherleriň we obalaryň ýaşaýjylaryna, ýüzlenýärin we Messihiň Doglan Güni bilen sizi tüýs ýürekden gutlaýaryn. Gutlamak bilen size, meniň ezizlerim, bu beýik dabara bileleýin gatnaşyp, ruhy begenje eýe bolmagyňyzy we Hudaýyň perzentleri we Messihiň dostýarlary hökmünde din meýlisinden lezzet almagyňyzy size arzuw edýärin. (In.15,15).
Hudaýyň dünýä emele gelenine syn edip, iki müň ýyl mundan ozal bolup geçen wakanyň manysyna we ol wakanyň bize we biziň döwürdeşlerimize nähili dahylynyň bardygyna biz düşünjek bolup dyrjaşýarys.
Gudratly Paweliň beýan edişine görä: “Zamanyň ýetjek derejesine ýetende, Hudaý ýeketäk Ogluny bize ugratdy. Perzentlige mynasyp bolmagymyzy isläp, Hudaýyň ýeketäk Ogly zenandan dünýä inip, adamzadyň kanunlaryna boýun egdi”(Gal.4,4-5). Zamanyň ýetjek derejesine ýetmezinden öňürti nämeler bolup geçdikä. Messihiň Doglan Günine çenli, adamzadyň bütin taryhy, Hudaýy gözlemekden ybarat bolupdyr. Bu “ýagty-ýalançyny” döreden güýjüň kimdigini biljek bolup, iň zehinli adamlar oýlanyp, kellelerini döwüp düsünip bilmän geçipdirler. Bu “güýjüň” hakykatdanam bardygyny her bir adam öz durmuşynda duýýar.
Adamlar Hudaýy gözlän ýolunda, hakykata ýetmek üçin her-hili ýalňyşlyklara duçar bolupdyrlar. Tebigy betbagtçylyklaryň öňünde adamlar näçe gorksalarda, tebigy hadysalary, idollary we käbir adamlar özlerinide “hudaý” edip hasap etselerde, butparaz filosoflaryň düşünjeleride, ýagny hiç bir zat adamlary Hak Hudaýa ýakynladyp bilmedi. “Adamlar öz akyly-huşy bilen Hudaýa akyl ýetirip bilmänligi sebäpli, Hudaýyň Özi adamlara ýakynlaşmaga isleg bildirdi (Kor.1,21). Beýik dini syrlaryny biz ruhy gözlerimiz bilen görýäris: Ýaradyjy öz ýaradan adamlaryna kybapdaş boldy, adamzadyň tebigatyny özüne kabul etdi, kemsidilmegi başyndan geçirdi, krestde aradan çykyp soňra direldi. Bu aýdylan zatlaryň barysy adamzadyň düşünjesiniň çäginden çykýar we bu gudratly waka Hudaýyň öňünde adamlaryň gözlerini açýar.
Messih dünýä inýär – we dünýä tama eýe bolýar, Messih dünýä inýär – we söýgi hemişelik ýokara galdyrylýar, Messih dünýä inýär – we “asman ere çenli egilýär”, Messih dünýä inýär – we mundan beýläk goý hiç kim ýamanlygyň öňde barýandygyna ynanmasyn, sebäbi biz ynamyň üsti bilen Hudaýyň gudraty bilen halas bolduk – bu biziň öz üstünligimiz däl-de, eýsem Hudaýyň bize bolan peşgeşidir (Ef. 2,8).
Isaiýa Pygamber Messihiň geljegini duýup we Oňa garaşyp bu sözleri beýan edýär: “Hudaý biziň aramyzda!” (Is.8, 10). Bu keramatly sözler häli-şindem millionlarça hristianlar üçin dile gelmez begenjiň çeşmesi bolup durýar. Wifle-ýemde eneden dogulmak bilen, Hudaý biziň ýüregimizde hem dogulýar. Eger-de biz Hudaýa we Onuň döreden Buthanasyna wepalylygymyzy saklasak, Onuň bilen aramyz hemişe ýakyn bolar. Eger-de biz sogap isleri edip dursak, Hudaý biziň aramyzda. Eger-de adamlara ýagşylyk edip dursak, Hudaý biziň aramyzda. Eger-de biz gynanja gynansak we adamlara ýuka ýüreklik edip dursak, Hudaý biziň aramyzda bolar. Eger-de oňuşmaýanlary ýaraşdyryp dursak, Hudaý biziň aramyzda. Eger-de biz geçirimlilik edip dursak we adama öýke-kine saklamasak, Hudaý biziň aramyzda. Eger-de biz her gün Hudaýy ýatlap dursak we Buthanadaky geçirilýän Keramatly Namazlara gatnaşyp dursak, Hudaý biziň aramyzda bolar.
Messihiň Doglan Gününi belläp geçmegiň özi bize esasy nesihaty berýär: ýagny biz Hudaýy janymyz we tenimiz bilen söýmeklige we Oňa, ýagny Halas Edijä - ähli halklary hemişelik halas Edene, hemişe gulluk etmeklige çagyrylýarys. Bu Halas Ediji häli şindem her bir adama gujagyny açyp dur. Hudaýa hakyky hormat goýmagy we Onuň öňünde päk ýürekli durmaklygy öwrenip, biz adamlara hem gulluk etmäge öwrenýäris. Netijede, biz söýgüden ybarat bolan ynamymyzy görkezýäris (Gal.5,6).
Bize biraz zatlaryň soňuna ýetmek galýar – Onuň bize berýän mehmediniň gadyryny bilmeli, ýagny, Hudaýyň öňünde boýun synmaly, Hudaýyň sözlerine berk ynam bildirmeli we Onuň wesýetlerini doly ýerine ýetirmäge yhlas etmeli. Eger-de biz şu aýdylan zatlary ýerine ýetirip bilsek, diňe biziň öz durmuşumyz däl-de, eýsem, biziň daş töweregimiz hem özgerjek. Ähmiýeti durmuşda dogry gurup, biz parahatlyk, asudalyk we ynam bilen ýokardan berlen ýoldan ädim ätlemäge öwreneris. Munuň bilen bilelikde, Hudaýa hakykatdan hormat goýmagy we Oňa çuň minnetdarlyk bildirmegi hem öwreneris.
Ruhumyzy bu derejä ýetirmek üçin, biz diňe sosiologik tarapdan dälde, öýsem pikirlerimiziň, edýän hereketlerimiziň, alyp barýan durmuşumyzyň üsti bilen prawoslaw adyna mynasyp bolmaly. Muňa biziň ahlakly we dindar, Hudaýa gyzgyn söýgi beren ata-babalarymyz mysal bolup durýar. Bularyň içinde, Russiýany hristian dinine getiren keramatly, apostollar bilen deň derejeli we beýik knýaz Wladimir uly orun tutýar. Onuň aradan çykanlygynyň 1000 ýyllygyny biz şu ýyl belläp geçeris. Beýik hristian adyna eýe bolanymyz üçin we munuň bilen bilelikde, taryhy Russiýanyň prawoslaw doganlyk halklaryndan ybarat bolan jebis maşgala bolup duranymyz üçin, biz ol beýik knýazyň öňünde borçlydyrys. Hiç bir başa düşen howsalalyklar ýa-da kynçylyklar, hiç bir daşky täsirler, Kiýewde dörän hristian diniň perzentleri bilen asyrlar boýunça gelýän ruhy we medeni baglanyşyklary bozup bilmez.
Bu mukaddes günler, ähli Buthanalaryň dilegleri, we meniň hem çuňňur dilegim, Ukraina ýurduna parahatlyk dilemekdir. Rus Prawoslaw Buthanasy
Messihden berlen jogapkärli missiýasyny ýerine ýetirip gelýär, ýagny Buthana üçin tapawudy ýok: öz perzentleriniň ýaşaýan ýerleri nirede bolsada, olaryň politik taýdan dünýä garaýyşlary we pikirleri nähili bolsada (Mf. 5,9). Adamlary ýaraşdyrmak üçin we duşmançylygyň netijelerinden üstün çykmaga kömek bermek üçin, Buthana öz elinden gelenini edýär.
Ähli çaknyşyklaryň, duşmançylyklaryň we agzalalyklaryň başy günäden gelýär. Prepodobny Iustin Çeliýskiniň aýdyşyna görä, “günä ähli güýji bilen bir netijä getirýär: adamy Hudaýdan we adamkärçilikden mahrum edýär” (Prepodobny Iustin (Popowiç), Filosofik uçurymlar). Şunuň bilen biz bir zady görýäris: Hudaýyň öňünde öz mertebesini ýitirip, adam köplenç örän gynançly ýagdaýlara duçar bolýar.
Buthana hem Alla Tagallanyň adyndan, beýik begenji (lk.2,10) adamlara ýadawsyz habar edip, her kimi ynama we gowulyga tarap özgermeklige çagyrýar. Buthana adamlara ýokary galmagy hödürleýär: Hudaýy gözlemekden – Hudaýa akyl ýetirmäge, Hudaýa akyl ýetirmekden – Hudaý bilen aragatnaşykda bolmaga, Hudaý bilen aragatnaşykda bolmakdan – Hudaý bilen kybapdaş bolmaklyga. Dördünji asyrda Aleksandriýa şäherde ýaşan Swýatitel Beýik Afanasiý, öz ajaýyp sözlerinde Halas Edijiniň bu durmuşa gelmeginiň maksadyny şeýle beýan edýär: “Adamlaryň Hudaýa meňzemegi üçin Hudaý adama öwrüldi”. Adamlaryň Hudaýa meňzemegi tebigy tarapdan däl-de Hudaýyň rehemi tarapyndan bolan meňzedişligi göz öňüne tutulýar. Buthananyň asyrlar boýunça geçirip gelýän terjibesi şu netijä şaýat bolýar: adamyň hakyky özgermesi, Hudaýyň we adamyň bileleýin islegleri bilen amala aşyrylýar. Şeýtan-ýylan Kowumyň atasyna we enesine, Hudaý bilen deň derejede bolarsyňyz (Byt.3,5) diýip, olaryň başyny-gözüni aýlap, “ýagşa we ýamana akyl ýetirilýän agaçdan” datdyrdy. Adam bu şeýtan ýolunyň üsti bilen dälde, eýsem, öz üstünden zähmet çekip we Ýaradyja tabyn bolyp özgerip biler. Ynama görä ýaşaýan her bir adam, Hudaýa wepaly bolmaklygyň özi, ýamanlyk etmekden we ýaman pikirlerden goraýandygyna akyl ýetirýär. Ynam adamy dogry ýola ugrukdyrýar, ýagny, adamlara we Hudaýa bolan edermenliklere we zähmetlere ruhlandyrýar.
Siziň ähliňizi bu beýik “Roždestwo” diýip atlandyrylýan Messihiň Doglan Güni bilen we Täze Ýylyň başlanmagy bilen gutlaýaryn. Size berk jan-saglyk, bagtly ýaşaýyş, parahat durmuş we Hudaýyň we Halas Edijiniň ýoly bilen ýöremeklige ýokardan uly ýardam alyp durmagyňyzy arzuw edýärin.
Bol merhemet eçilýän Hudaý sizi Mesih arkaly Öz ebedi şöhratyna çagyrdy. Siz durmuşda ejir çekýän bolsaňyz hem, Ol sizi dikelder, berkider, güýçlendirer we sarsmaz bina edip gurar. Şöhrat we gudrat ebedilik Onuňky bolsun! Omyn. (1 Pet. 5, 10-11).
KIRILL, ÄHLI RUSSIÝANYŇ WE MOSKWANYŇ PATRIARHY
Moskwa, Messihiň Doglan Güni 2014/2015 ýyllar