Asmandan inýän şöhratly owazlaryň güýjüni diňleýäris we kabul edýäris. Roždestwo baýramçylygynyň her bir adamyň ykbalyna göniden- göni gatnaşygy bar. Allanyň Ogly Isa Hudaýyň edermenliginiň Hakykatyny şu güne çenli bilmedik ynsan hem, Indi Hakykata düşünmäge, Allanyň bendesi bolup Baky ýaşaýşa eýe bolmaga mümkinçiligi döreýär. Roždestwo Baýramçylygy hakykaty aýan edýär we bize dogry ýola düşmäge itergi berýär.
Ilkinji adamyň Hudaý tarapyndan dörändigini ýatlalyň! Ýöne adam Allanyň ýörelgesi boýunça ýöremänligi üçin, Döredijiniň gözünden düşdi. Alla bilen aragatnaşygy ýitirip, gün-günden ulumsy häsiýeti bilen külli günälere baş goşdy. Allanyň ynsana bolan söýgüsi üçin, adamlara halas bolmaga mümkinçiligi döredip, dünýä öz ýeke-täk Halas Ediji Isa Ogluny iberýär we bitewi adamzat tebigatyny düýpli dikeldýär. Allanyň Bu ugry ynamlydyr. Ýoldan çykmaz ýaly Ol Bize kömek edýär. Özüňi dogry alyp barmaga, doly uzak ýaşaýşa we bakylyga eltýär.
Haçanda biz Allanyň seslenmesine ünsli bolanymyzda Halas Edijiniň ýoly bilen gidýäris. Apostol Pawlyň seslenmesine salgylansak: “Kalbyň bilen, durkuň bilen Allanyň bardygy barada Hudaýyňy arşa göter” diýip belleýär. Bu seslenmäniň manysynda diňe biz doga okap, çokunmaklyk bilen dälde, eýsem biz her bir adama kömek edip, Halkymyza, Ybadathanalarymyza gulluk edip Allany arşa götermelidiris diýip düşündirilýär.
Şonuň ýaly edilýän sogaplar Hristosyň kömegi bilen amala aşýar.Ol tutuş dünýämizi, şeýle hem biziň durmuşymyzy täzeleýär.Adamlar jebisleşýärler, ysnyşýarlar, olar mejbury ýagdaýda dälde öz islegleri boýunça bähbitli we peýdaly işleri amala aşyrýarlar. Şonuň esasynda Dörediji Alla gulluk edýäris! “Liturgiýa” grek sözünden –“Umumy iş” diýen manyny aňladýar. Bütün Biziň durmuşymyzdaky doga dileglerimizi, jebisleşmegimizi liturgiýada Hudaýyň halan isleginiň üsti bilen amala aşyrýarys.
Biziň dinimizdäki uýalarymyz, doganlarymyz dindäki däl adamlar bilen hem mylakatly duýgudaşlykda bolmagymyzy talap edýär. Synag döwründe Halkyň birleşmeginiň araçägi ýokdur. Ol biziň esasy durmuşymyzyň milli bölegidir.
Geçen ýylyn dowamynda Russiýada we Russiýanyň taryhy ýurtlarynda bolup geçen her hili tebigi betbagtçylyklar adamyň kynçylyk, umytsyzlyk we gamgynlyk pursatlara düşende agzybirligiň we bir-biriňe ýardam etmekligiň zerurdygyny we Allanyn öňünde adamzadyň borjuny ýatlatdy.
Biri-birimize arkalyk we rehimdarlyk etmek, hemişe haýyr-sogap işlerini etmek – bu zatlaryň barysy adamyň özüne bagly, biziň öz elimizdäki zatlar, ýagny Halas Edijiniň adamzada goýup giden: “Bir-biriňizi ak ýürekden söýmelisiňiz” sözlerden ybarat bolan iň esasy nesihatyny ýerine ýetirmekdir.
Men Russsiýanyň, Ukrainanyň, Gazagystanyň, Azerweýjanyň ybadathanalarynda zyýarat edenimde, ybadathanalar birleşmesiniň güýjine göz ýetirdim. Men ähli ýerlerde arhipastrlaryň,kliralaryň, monahlaryň, zyýaratçylaryň Prawoslaw diniň hatyrasyna agzybir taýýarlyklaryny we çekýän zähmetlerini gördüm .Munyň özi ybadathanalarda durmuşy üstünlikli östürmegiň Bilelikdäki Ruhy ynamyny döredýär.
Keramatly arhipastorlar,sylanylýan klirikler, zyýaratçy doganlar we uýalar! Bu Beýik Halas Edilýän Allanyň Ogly Isanyň doglan güni bilen, hem-de Täze ýyl baýramçylygy bilen Sizi ýüregimdäki Joşýan begençlerimden tüýs ýürekden gyzgyn gutlaýaryn! Dünýäni Halas Ediji tarapyndan Size hemişe ruhy baýlyklarynyň eçilmegini , okaýan dogalarymyň üsti bilen Hudaýyň Emrini ýerine ýetirmegiňizi dileg edýärin! Goý, Onuň Ady Asyrdan Asyrlara Baky Şöhratlansyn!
Amin!
ÄHLI RUSSIÝANYŇ WE MOSKWANYŇ PATRIARHY
Allanyň Ogly Isanyň doglan güni!
2011 ýyl.