Рождественское послание Святейшего Патриарха Московского и всея Руси Кирилла архипастырям, пастырям, монашествующим и всем верным чадам Русской Православной Церкви

07.01.2012
Просмотры: 2877

 

Günä etmek bilen, Hudaýdan ýüz öwüren adamzat ýene-de öz Ýaradany we Hudaýy bilen birleşmek mümkinçiligini alýar. Hudaýyň Oglunyň dünýä gelmegi Onuň özüni jebir-jepaly, masgaraçylykly „ölmek we haçda ölmek“ (Fil. 2, 8) derejesine çenli düşmäge taýýarlygyna çenli meýletin peseltmesidir. Hudaý Özüniň söýgüsini adamlara görkezmek we Onuň çagyryşyny eşitmek isleýän her bir ynsana gun-guzerana bütinleý eýe bolmaga kömek bermek üçin tende dogulýar.

Hut şonuň üçin bu baýramçylyk biziň durmuşymyzyň iň çylşyrymly ýagdaýlarynda ýokardan kömegiň beriljekdigine bize mizemez ynamy berýär. Öz ýaradanlaryny ýeke goýmadyk we oňa bakylyga ýol açan Hudaý bize üns-alada mätäç bolan goragsyz çaganyň – çaga Hristosyň keşbinde indi.

Biziň hemmämize bu injil keşbini öz ýüregimizde saklamak zerur. Gundagda ýatan Hudaý-çagany ýatlap, biz her bir adamy abadançylyga eltýän Hudaýyň gudratyna bolan berk ynama we mizemez umytlara eýe bolýarys. We hatda biziň durmuşymyzda daýançlar hem galmasa, hemme zat berk däl we ygtybarsyz ýaly bolup görünse hem, biz Hudaýyň Öz gudratly güýji bilen biziň dünýämiziň jebir-sütemini, ejirini we horlugyny eşrete, şatlyga we ruhy peşgeşleriň bolçulygyna öwürmäge başarýandygyna aýdyň düşünmeli.

Halasgäriň gelmeginiň baýramçylygynda dine uýýanlaryň pikirleri hristiançylygyň ojagyna, Hudaýyň doglan, ýaşan we ýerde hyzmat eden ýeri hormatyna mynasyp bolan Keramatly Topraga gönükýär. Häzirki wagtda Keramatly taryhyň wakalary bolup geçen ýurtlardaky Isanyň taglymatyna eýerijiler ýeňil bolmadyk synaglary başdan geçirýärler, köpasyrlyk ruhy däpleriň dowam etmegine salynýan täze howplara sezewar bolýarlar. Roždestwonyň ýagty günlerinde biziň dini doganlarymyz, bahasyna ýetip bolmajak keramatlyklaryň goragçylary, düýphristiançylyk rowaýatlarynyň mirasdüşerlerin baradaky hatyrasyna ýürekden çykýan dogalarymyzy bagyş edeliň.

 

Eger bir agza jebir çekýän bolsa, onda şonuň bilen ähli agzalar jebir çekýär (ser. 1 Kor.12, 26). Apostolyň bu sözleri diňe bir prihodyň, bir buthana jemgietynyň agzalaryna degişli däl, olar, elbetde, Ýeke-täk Keramaly, Sobor we Apostol Buthanasynyň, tutuş dünýäde ýaýran Prawoslaw Buthanasynyň perzentlerine degişlidir. Onuň bitewiligi - diňe bir bitewi keramatly ata ynamynda we Syrly däplerdäki gatnaşyklarda däl, eýsem, kynçylyklara duýgudaşlykda, biri-birine janaýamazlykly hyzmat etmekde, özara doga-dileg etmeklikdir.

 

Geçen ýyl köp ýurtlaryň we halklaryň, şol sanda taryhy pajygaly Rusyň giňişliginde ýaşaýan halklaryň durmuşy ýeňil bolmady: biziň ynamymyzy we gaýduwsyzlygymyzy synagdan geçiren wakalar we tebigy betbagtçylyklar az bolmady.

 

Emma häzirki wagtda esasy synaglara maddy ulgamda däl-de, ruhy ulgamda duçar bolunýar. Fiziki tekizlikde ýatýan howplar ten abadançylygyna we amatlygyna zeper ýetirýär. Durmuşyň maddy tarapyny kynlaşdyrmak bilen olar ruhy durmuşa düýpli zyýan ýetirmäge ukyply däl. Ýöne hut ruhy ölçegler biziň döwrümiziň möhüm we düýpli dünýägaraýyş çagyryşyny ýüze çykarýar. Bu çagyryş biziň ruhymyza Hudaý tarapyndan salnan ahlak duýgusyny ýok etmäge gönükdirilýär. Häzirki wagtda adamy onuň we diňe onuň özüniň hakykatyň mähek daşydygyna, her kişiniň öz hakykatynyň bardygyna we her bir adamyň nämäniň ýagşylykdygyny we nämäniň ýamanlykdygyny özi kesgitleýändigini ynandyrmaga çalyşýarlar. Ylahy hakykaty, diýmek, bu Hakykata esaslanýan ýagşylygyň ýamanlykdan tapawudyny adamlaryň ruhyny bozýan, adamy baky durmuşdan mahrum edýän ahlak biparhsyzlygy we başyna gidenligi bilen çalyşmaga synanyşýarlar. Eger-de tebigy betbagtçylyklar we harby hereketler durmuşyň daşky barlygyny harabalyga öwürýän bolsa, onda ahlak relýatiwizmi adamyň ynsabyny ýok edýär, ony ruhy maýyp edýär, barlygyň ylahy kanunlaryny ýoýýar we barlygyň Ýaradan bilen baglanyşygyny bozýar.

 

Bu howpa bizde, ilkinji nobatda, Päki Gyzyny we Hudaýyň nazary düşenleriň mähellesini kömege çagyryp, sebäbi, olar täze doglan Çaga keşbinde häzirki wagtda ybadat edilýän Keramatyň we Hakykatyň Hökümdarynyň Tagtynyň öňünde öz hemaýatkärligi bilen (Otkr 6.,10) biz üçin günä bilen göreşmek, „bu döwrüň tümlüginiň hökümdarlarynyň garşysyna, asmanyň astyndaky ýamanlygyň ruhyna garşysyna“ (Ef. 6, 12) göreşmek üçin güýç sorapdylar. Biziň ýaramaz meýillerimizde, betnebisli ugrukmalarymyzda, mahabatyň maýyl ediji zatlarynda, güýmenje we syýasy tekstlerde zemin abadançylygynyň galplyklaryny we salgymlaryny ýüze çykarmagy öwrenmek möhüm. Günäniň howpludygy hakynda duýdurýan öz ynsabyň sesini hemişe eşitmek, öz hereketleriňizi Injiliň wesýetleri bilen sazlaşdyrmagyň başarmak möhüm.

 

Hemişe bolşy ýaly, häzirki wagtda hem her bir hristian öz gündelik hereketleri bilen dogry durmuş ýörelgesiniň gymmatlygyny tassyklamaly, ahlak relýatiwizmine we çalt baýamak pikirine oýlanşykly garşy durmaly. Biziň daş-töweregimizde ejiz, hassa, ýalňyz adamlar köp. Ykdysady kynçylyklar zerarly gazanç gözläp dogduk ýerini terk edenler we betniýetli mähellä düşüp, alada edilmäge mätäçlik çekýänler hem az däl. Sosial, missionerçilik, buthana-jemgyýetçilik işini geçirmekde her bir pastyr we dünýewi adam gatnaşmaly. Keramatly Innokentiý Hersonskiýiň aýtmagyna görä: „Diňe Hristosyň nurynda Hudaýy, özüňi we dünýäni asyl keşbinde görmek bolýar; diňe asman Hakykatynyň görkezmegi boýunça baky durmuşa alyp barýan ýoly tapyp bolýar“.

 

Hristosda aram tapýanlar bilen biz bu baýramçylyk mähirini we şatlygyny paýlaşmaly. Biziň her birimiz öz ýakynlaryna we daş töweregindäkilere - işgärlerine, dost-ýarlaryna, garyndaşlaryna, goňşularyna Wifleýem ýyldyzynyň nuryny saçyp bilýär.

 

Geçen ýylda döwlet häkimýetleri, jemgyýetçilik guramalary, işewürlik toparlarynyň wekilleri bilen bilelikde adamlary jebisleşdirip biljek, jemgyýetçilik durmuşynyň berk ruhy we ahlak esaslaryny gaýtadan dikeldip biljek köpsanly başlangyçlaryň düýbi tutuldy.

 

Şeýle bilelikdäki işiň ösmegine, şeýle hem biziň Buthanamyzyň gymmatly bitewiligi hakyndaky subutnama bolup men tarapyndan Russiýa, Ukraina, Moldowa amala aşyrylan saparlar hem hyzmat etdi. Bu saparlar meniň doga okamak we dine uýýan halk bilen gürleşmek boýunça tejribämi baýlaşdyrdy hem-de ruhy baglanyşyklaryň berkmegine ýardam etjekdigine ynanýaryn. Örän köp adamlaryň gatnaşmagynda geçen ybadat däp-dessurlarynda ynamyň we ybadatyň güýji aýratyn göründi, bu bolsa Prawoslawiýanyň gözelligidir, “dünýäniň birleşiginde ruhuň bitewiliginiň” (Ef. 4,3) gözelligidir we kuwwatydyr.

Siziň hemmäňizi Hristosyň Roždestwosy we hem-de Täze ýylyňyz gutlamak bilen size “biz ynamymyz bilen baky ýaşaýşyň mirasdüşerlerine öwrülmegimiz” (Tit, 3,7) üçin ten keşbine giren Hudaý hakyndaky şatlykda hemişe bolmagyňyzy ybadat bilen arzuw edýärin! “Siziň Keramatly Ruhuň güýji bilen umydyňyzyň baýlaşmagy üçin Hudaý size ähli şatlyklary we ynamyňyzda agzybirligi eçilmegine umyt edýärin” (Rim. 15, 13). Amin.

+КИРИЛЛ, Moskwanyň we Bütin Rusuň patriarhy

Hristowyň Roždestwosy 2011/2012 ý.

Moskwa ş.

2877