Пасхальное послание Святейшего Патриарха Московского на туркменском языке

15.04.2012
Просмотры: 2667

Dünýäni halas edijiniň ölülerden Direlen bu beýik we şöhratly baýramçylygynda ruhy taýdan şatlanyp, Onuň gabyrdan gutulmagyny hyýalymda synlamak bilen, durmuşy ykrar ediji, içerki güýçden doly, ýeňilmeýän hakykatyň we şatlanmagyň owazyny Siziň hemmäňize ýollaýaryn:

 MESSIH DIRELDI!

Parlak pasha gijesi adamzada Hudaýyň söýgüsiniň dolulygyny äşgär edýär, ol boýunça Asman Atamyzyň ebedilik Ogly Özüne adam tebigatyny kabul etdi, ony günäniň keselinden sagaltdy, hem-de, dowzahyň çuňluklaryna düşüp, bize öz Ýaradanymyz we Gözleýjimiz bilen bitewiligiň bahasyna ýetip bolmaýan mümkinçiligini sowgat berip, ölümiň gandallaryny ýumurdy.

Taňrynyň bu hemme taraplaýyn örtüji söýgüsi bilen birigip, biz “bu döwrüň garaňkylygynyň dünýä hökümdarlarynyň garşysyna, asman astynyň gaharynyň ruhlarynyň garşysyna” ýeňilmez ýaragy gazanýarys (Ýef. 6, 2). Biz öz adamzat tebigatymyzyň çäklendirilendigi bilen ýüze çykan gorkyny ýeňip geçýäris, hem-de zamananyň islendik garşylyklarynyň ýüzüne gorkusyz seretmek ukybyny gazanýarys. Sebäbi “söýgüde gorky ýok, emma kämil söýgi gorkyny kowup çykarýar” (1 In. 4, 18).

Hudaýyň Öz yzyna eýerijileri ruhlandyrmak, ruhuny berkitmek üçin Onuň aýdan sözlerini Injil bize ençeme gezek tötänden dabaraly jar etmeýär: “Gorkma!”. Geljekden gorkmak, howplardan, nämälim, hyýaly ýa-da hakyky haýbatlardan heder etmek− bu köplere tanyş duýgudyr. Emma, eger-de diňe biziň özümiz Ony ret etmeýän bolsak, onda Hudaý biz bilendir. Hem-de Onuň ölümiň üstünden ýeňişini şöhratlandyrýan günlerimizde Halasgär ýene-de biziň her birimizi çagyrýar: “Gorkma, diňe ynan!” (Mk. 5, 36).

Goý, biziň bu döwrüň hilegär ruhuna garşy gelýän özümizi alyp barşymyz Baky Hakykatyň aýdyň tassyklanmasy bolsun. Sebäbi, häzir biz jemgyýetçilik we dini azatlygyň şertlerinde ýaşaýan hem bolsak, hristian ahlak kadalaryna laýyklykda ýaşamaklyga ymtylmak ozalky ýaly akymyň garşysyna hereketi aňladýar. Ol aňa täsir etmegiň häzirkizaman serişdeleriniň üsti bilen adamlaryň durmuşyna tutanýerli we ulgamlaýyn ornaşdyrylýan özüňi alyp barmagyň nusgalary we günäni aklamagyň nukdaýnazary bilen pikirdeş dälligi ýüze çykarýar.

Hudaýa ýüz tutup, biz ruhy boşlukdan we dünýäde höküm sürýän diňe özüňi bilmeklikden çykyp, Direlmekligiň ýagtysyny görüp, ony Asman Şäherine dabaraly ýörüşde ýol görkeziji çelgi hökmünde kabul edip bileris.

Bakylyga bu hereketde güýçleriň çeşmesi bolup, goý, biziň üçin bitewi Ýewharistik käsä birikmegimiz gulluk etsin. Goý, biziň ruhlarymyza aýrylmaz parahatçylygy, ygtykatda durnuklylygy, ýagşylyklarda üstünlik gazanmaklygy sowgat bermek bilen bizi Ähli Gudratly Ruhuň merhemedi berkitsin.

Hristosyň Bedenine we Ganyna birleşmek bilen, biz, Keramatly Kitaplaryň sözi boýunça, Hudaýyň tebigatyna birigenler bolup, öz tebigy ýagdaýymyzy üýtgetmäge ukyply bolýarys ( 2 Pet. 1, 4). Birikmek däbi arkaly biz biziň üçin “guluň şekilini kabul edip, adama meňzeş bolmak bilen we görnüşi boýunça adam ýaly bolmak bilen, Öz Özüni kemsiden; hat-da ölüme we haçda ölüme çenli diýen ediji bolmak bilen Özüne buýran” Şol Kime ähli zatda meňzemek mümkinçiligini alýarys (Flp., 2, 7-8).

Öz özüňi ahlak, ruhy taýdan üýtgetmek jemgyýetiň, halkyň, ýurduň durmuşyny özgertmek üçin esasy girew we esas bolup durýandyr. Bitini, onuň böleklerini kämilleşdirmän gowa üýtgetmek mümkin däldir. Ähli ýaş, sosial we syýasy toparlaryň adamlarynyň pikirleriniň dogry ugrukdyrylmagy Watanyň abadançylygyny gös-göni kesgitleýär. Biziň durmuş ugurlarymyzyň nähili boljakdygyndan taryhy Rusuň ähli döwletleriniň, Biziň Buthanamyzyň, ahyrky manyda bolsa – Ýaradyjy tarapyndan bize goramak we “ony saklamak” (Ýaş. 2, 15) üçin gowşurylan Hudaýyň ähli ýaradanlarynyň hem ösüş ýoly baglydyr.

Siziň ähliňize, meniň gadyrdanlarym, dowzahy Ýeňen Direlen baradaky gowşamaýan şatlykda bolmaklygyňyzy we Siziň gündelik zähmetleriňizde ýokardan juda bol kömegi dogalar okap arzuw edýärin.

 HAKYKATDAN MESSIH DIRELDI!

 Omyn.

Messihiň Pashasy

2012 ý.

 

2667